Bilim almak ylymly bolmak türkmen halkymyzyň buýsanjy hasaplanýar. Halkymyz ylym-bilime uly sarpa goýýar, ony mukaddes hasaplaýar.

,,Arkadag    Serdarly    bagtyýar ýaşlar “  ýylynda diýarymyzda dürli pudaklar üçin ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, milli bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň dürli hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmakda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde kabul edilýän talyplaryň we ugurlaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly orun berilýär. Milli bilimiň hiliniň mundan beýläkde ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilim  ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Ýokary okuw mekdeplerinde guralýan köp sanly çäreler, ylmy konferensiýalar munuň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan özgertmeler, iri gurluşyk taslamalary döwrümiziň döredijilik, gurujylyk kuwwatyny açyp görkezmek bilen, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösüşiň belent derejesine çykýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynyň okatmagyň innowasion tehnologiýalary – multimedia, interaktiw enjamlary, kämil kompýuterlerdir döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi biz ýaşlaryň bilim derejesine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Döwletimizde alnyp barylýan bilim syýasaty, şeýle-de ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetýärler. Bu günki gün döwrüň möhüm talabyndan ugur alnyp, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy hem yzygider giňeldilýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Rahimowa Madina,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.