Palmalaryň görnüşleri örän köp, emma iň owadan palmalaryň biri kokos palmasydyr. Onuň boýy 30-40 metr, ýogynlygy bolsa 60- santimetr bolýar.

Agajynyň diňe ujynda 3-4 metr gelýän ýelpewaç şekilli 10-14 sany ýapraklary bolýar. Kokos palmasynyň sütüni bir tarapa , köpräk okean tarapa gyşaryp ösýär. Palma ýapraklarynyň çogdamlanyp giden ýerinden gülleýär, gülleri maýda bolýar. Emma miwesiniň ululygy  çagalaryň kellesi ýaly ululykda bolýar.

Onuñ miwesini kokos hozy diýip atlandyrýarlar. Bir sany miwesiniň diametri  18-20 santimetr , uzynlygy bolsa 26 santimetr bolýar. Her bir kokos palmasy ýylda 20-25-den  60-a çenli  kokos hozyny berýär. Hasyly bir wagtda bişip ýetişmeýär.  Şonuň üçin hasyly ýylda 5-6 gezek ýygnalyp alynýar. Kokos palmasy iki hilli bolýar. Erkek jynsly we enelik jynsly, diňe enelik jynsly palma hasyl berýär.

Kokos çig we bişen görnüşde iýilýär. Hozy bişen wagtynda köp mukdarda kokos südüni berýär. Miwesi üzülip alynandan soň ýokarsy ýiti pyçak bilen  kesilýär we içindäki buz ýaly kokos süýdi içilýär.  Bu suwuklyk örän ýokumlydyr we suwsuzlygy çalt gandyrýar. Kokos gowy bişensoň süýdi azalýar we gabygyň içinde ýag  we belok ýadrosy emele gelýär. Ony iýse bolýar.  Köplenç gabykdan bölünip alynyp guradylýar we ondan kokos ýagy alynýar.

Şayarow Emir,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalary we informatika institutynyň talyby.