Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy has giňden ösdürilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde pagta meýdanlarynda bol hasyly kemala getirmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär.
Ak hanalardan beýik, bereketli harmanlary döretmegi başarýan zähmetsöýer kärendeçi daýhanlarymyz pagtany «ak altyna» deňäp, ony «ak altynym — ak bagtym» diýip, hormatlaýarlar.
Ak altynymyz ak bagtymyz bolan pagta baradaky maglumatlara durup geçsek :
Pagta süýümi biziň eýýamymyzdan 3000 ýyldan hem öň Hindistanda belli bolupdyr. Häzirki wagtda Hindistan, Hytaý, ABŞ, Braziliýa, Özbegistan, Türkmenistan gymmatly çig mal bolan pagta öndürýän esasy döwletlerdir.
Pagtanyň süýümi şertli ýedi görnüşe bölünýär. Ilkinji üç görnüşi inçe süýümli gowaçadan, beýleki dört görnüşi orta süýümli gowaçadan alynýar.
Gowaça duza durnuklydyr, ýöne şorlaşan ýerlerden oňat hasyl almak üçin topraga ýuwuş suwuny bermeli bolýar.
Gowaçaly meýdanlarda bol hasyl ýetişdiren «ak altyn» ussatlarymyza: «Harmanlaryňyz bereketli bolsun, maksatlaryňyz myrat tapsyn!» diýesimiz gelýär.
Bagtygül SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.