Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisde Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde, sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledimegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.
Arkadagly Serdarymyz bu mejlisde «Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologiýa meselesiniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris» – diýip, belledi.
Ysmaýyl BAÝLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












