Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň düzgünlerini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýän ,,Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy “ atly biraýlygyň çäklerinde giň gerimli çäreler geçirilýär. Biraýlygyň dowamyndaky çäreler ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünleri, ýol ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de bu ugurdaky bilimleri kämilleşdirmek bilen bagly köpçülikleýin wagz-nesihat çykyşlary guralýar. Bu çäreler ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramaga , şikesligiň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda ýaş nesiliň sagdyn ösmegi, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmak şol işleriň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu ugurda çynlakaý işler alynyp barylýar.
Şeýle hem ýeri gelende bellesek, bu ugurda ,, Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda “ Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler hakynda we Türkmenistanyň ,,Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda “ Türkmenistanyň namalary hereket edýär.
Nurýagdy MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.