Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 1-nji sentýabrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagy hem ýatda galyjy möhüm wakadyr. Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny özleşdirmelidirler. Günsaýyn özgerýän döwrüň talaplaryna laýykgelýän täze nesli kemala getirmek her birimiziň borjumyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz bu geçiren okuw sapagynda belledi.

Şeýle-de Milli Liderimiz: “Maşgalada ataata ýerinde, eneene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökman öz ornuny tapýar. Kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň, ejem Ogulabat Berdimuhamedowanyň maňa we maşgalamyza beren terbiýesi, öwüt-ündewleri, durmuş sapaklary biziň nusgalyk ýörelgämize öwrüldi diýip nygtady. Bulardan başga-da, Alym Arkadagymyz umumy okuw sapagynda terbiýäniň görnüşleri we onuň durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hem-de geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdigini, şoňa görä-de, ýaşlaryň bilimlerini, gözýetiminiň we garaýyşlarynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalydygyny, hemişe bilim almaga höwesi hem-de erki terbiýelemelidigini nygtap geçdi. Munuň özi bolsa tutuş jemgyýetiň ösüşini, ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm şertdir.

Gözel ahlak ynsan görküdir, ol türkmen ýaşlaryna nur paýlaýan güneş kimin zerurdyr. Ahlak — gözelligiň, salyhatlylyk — maşgalanyň, üstünlik — ylmyň, bagtyýarlyk — durmuşyň bezegidir. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňünde halkymyzyň iň ýagşy, iň gözel hem-de iň belent ahlagy jemlenendir. Ynsanyň edebi bezeg üçin dakynýan altynyndan hem owadandyr. Siz, parasatly pederlerimiz ýaly, özüňizi ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz bilen tanadyp, türkmen edebini has-da gözelleşdirmelisiňizdiýip, Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyz belläp geçdi.

Dogrudanam eziz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak bilen bagly beýik işleri amal etmekde ýaşlaryň kämil bilimi, kämil hünäri, döredijilik zehini möhüm orny eýeleýär. Döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar barada edilýän uly aladalar ýaş nesliň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ata Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, syýasy-ykdysady, medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda beýikişleri amala aşyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli ýola goýýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

Leýli ALLANAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.