Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ösüşler buýsançly kalplary has-da ganatlandyrýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry halkymyzyň abadançylygy, ata Watanymyzyň berkararlygy bolup, şeýle beýik başlangyçlar täze taryhy eýýamda uly rowaçlyklar bilen batlanýar.Garaşsyz hem Bitarap ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna, Watanymyzy bedew batly ösüşlere beslemäge gönükdirilen giň möçberli döwlet maksatnamalary bu gün üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçmişde ençeme şöhratly döwletleri döreden merdana halkymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgeli ýoly berkarar hem bagtyýarzamanamyzda mynasyp dowam etdirilip,Arkadagly Serdarymyzyň uly tagallalary bilen ösdürilýär. Muňa täze, döwrebap şäher “Arkadag şäheri” hem aýdyň mysaldyr. Bu döwrebap edara ediş merkezine Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik babatdaky ýiti pikirleri, zehini bar. “Akylly” şäheriň milli arhitekturakeşbinde, ondaky gurulýan desgalarynyň her birinde, bezeg aýratynlygynda döwürleriň ruhy, ýaňy bar. Sebitde iri gurluşyklaryň biri bolan buwelaýat merkeziniň birinji tapgyrynyň açylmagy guwandyryjy waka bolup, onuň döwrebaptaslamasy dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlary, kämil innowasion tehnologiýalar esasynda amala aşyrylmagydyr. Şeýle giň möçberli taslamalary alyp barmaklyk ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýetinden, hemmetaraplaýyn ösenliginden habar berýär. Bu şäherde halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli şertler göz öňünde tutulan. Bu ýerde döwrebap, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport desgalary, saglyk merkezleri, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler, bezeg zolaklary bar. Arkadag şäherindäki taryhda yz goýan meşhur şahsyýetlerimiziň adyny göterýän ajaýyp binalar ýurdumyzda türkmeniň beýik şahsyýetlerine, ussat halypalara goýulýan belent sarpadan, hormat-sylagdan nyşandyr. Şeýle asylly däpler, asylly ýörelgeler ýurdumyzyň ösüşleriniň, millilik ýörelgeleriniň mynasyp dowamy bolup, eziz Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşlerine uly goşant hökmünde dabaralanýar.Täze Galkynyşly döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýan asylly ýörelgeleri bilen eziz halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Atamyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulagkommunikasiýalary institutynyň mugallymy.