Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarapdöwletimiz ösüşiň batly gadamlaryny nazarlap barha ösýär hem özgerýär. Baky berkararlygyň binadynda türkmen halkymyz abadan, parahat hembolelin durmuşda erkana ýaşaýar. Milli ykdysadyýetiň ugurlaryna has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy ösdürmegiň esasy görkezijisi bolmak bilen, pudaklaryň yzygiderlidöwrebaplaşdyrylmagy, senagat pudaklarynyň ýokary depginde ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz barha kuwwatlanýar. Türkmenistan döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda hem giň gerimli işleriň alnyp barylmagy muňa aýdyň mysaldyr. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň möhüm wezipeleri göz öňünde tutulýar. Onda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatdaky wajyp meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, abadan hem-de bagtyýar durmuşyny amal etmekde möhüm guraldyr. Bu ulgamda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna, toplumyň senagatlaşdyrylmagynagönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu günki gün oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen halal baýamagy, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär. Ýer eýeleri, edermen daýhanlar döwrebap hem kuwwatly oba hojalyk tehnikalary,mineral dökünler, ýokary hilli gögerijiliklitohumlar, dürli görnüşli himikatlar we beýleki serişdeler bilen doly derejede üpjün edilýär. Oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy babatda hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribäniň öwrenilmegi hem-de birleşdirilmegi möhüm ýagdaýdyr. Oba hojalygyny ösdürmekde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çärelere uly orun degişlidir. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilýär. Hormatly Prezidentimiz hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberleriniň artdyrylmalydygy babatda möhüm kararlary kabul edýär.

Ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döretmeklikde sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, suwy tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolup çykyş edýär. Şeýle alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini has hem ýokarlandyryp, ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmagyň wajyp wezipedigi easasy üns merkezinde saklanylýar. Umuman, şeýle tutumly başlangyçlary, döwletli işleri bilen eziz ýurdumyzy baky bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Genjim RÖWŞENOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.