Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy. Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar.
Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy halkymyzyň jebisligini, jemgyýetimiziň asudalygyny we ýurdumyzyň berkararlygyny gazanmagyň iň ygtybarly serişdesi bolmak bilen, döwletimiziň täze taryhyny esaslandyrdy. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany daşary ýurtlar bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýdyňlygy bilen tanatdy. Bu döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir raýatyň döredijilikli halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgeler saýlanyp alyndy. Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň syýasy hem ykdysady, ruhy binýatlary kemala geldi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden parahatçylygyň, jebisligiň we milli demokratik ýörelgeleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde öňe sürülmegi döwletiň ykdysady, syýasy ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere ýetmeginde möhüm ädim boldy.
Arzuwlan zamanamyz bolan Garaşsyzlygymyzyň biziň durmuşymyza girip gellenine 32 ýyl boldy. Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna- dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar.
Magsat ÝAGMYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.