Sogan dogranyňyzda gözüňiziň ajamazlygy üçin pyçagyň ujuna kiçijek çörek bölegini dürtüp goýsaňyz gözüňiz ýaşarmaýar.
Salat üçin dogralan miwelere limon suwyny sepseňiz olar garalmaýar we zaýalanman uzak wagt saklanýar.
Limonyň suwuny sykyp alanyňyzda ony gyzgyn suwa birnäçe gezek salyp çykarsaňyz limondan köp suw çykýar we hoşboý ysly bolýar. 
1 litr süýde 1 loşka şeker salyp gaýnatsaň süýt gowy
Süýt bişirende gazanyň gyrasyna ýag çalsaň süýt çogup dökülmeýär. 
Apelsin, limon, alma, beýi ýaly miweleri  saçaga çekmezden öň gyzgyn suw bilen çaýsaň hoşboý ys ýaýradyp durýar.

        Dinara IBRAGIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby.