Saglygymyza ýaramaz täsirini ýetirýän zyýanly endiklere garşy ýurdumyzda işjeň göreş alynyp barylýar. Dünýä alymlarynyň aýtmagyna görä zyýanly endikler hasaplanýan çilim çekmek we temmäki önümlerinden peýdalanmak netijesinde her ýyly ýer ýüzünde 3-4 million adam dürli keseller sebäpli heläk bolýar. Eger onuň öňi alynmasa onda heläk bolanlaryň sany 12 milliona ýeter diýip bellenýär. Zyýanly endikleriň OIDS, tuberkulýoz, ýol heläkçiligi, çaga ölümi, öz janyna kast etmek ýaly netijelere alyp gelmegi köp adamlaryň durmuşyny zäherleýär.
Türkmenistan döwletimiz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. 2011-nji ýylyň martynda milli parlamentimiz tarapyndan “Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça” çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy. Bu ulgamda ýurdumyzyň esasy gazananlarynyň hatarynda 2013-nji ýylda kabul eden “ Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijesinden goramak hakynda” Kanuny oňyn netijeler berýär.
Şeýle hem 2022-nji ýylda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen 2022-2025- nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Şonuň bilen baglylykda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ösüp gelýän ýaş nesiller bilen zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany hakynda wagz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Ýaramaz endikleriň öňüni almak häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm durmuş meseleleriniň biridir.