Ýedi sany şowly san bolsa, häzirki ýedi ýaramaz endik meýilleşdiren işleriňize we üstünligiňize täsir etmegi mümkin!
Giç turmak.
Turmaly wagtyňyzdan 5-10 minut giç turmak sizi dürli ýaramaz ýagdaýlara getirip biler. Ýagny özüňizi taýýarlamak üçin az wagtyň galmagy, howlukmaçlyk, bitertiplik, gijä galmakdan gorkmak, möhüm zatlary ýatdan çykarmak we şuňa meňzeşler….
Ertirlik edinmezlik.
Irden ertirlik edinmezlik bu ýaman endikleriň biri. Irdenki iýmitiň siziň bedeniňizi ukudan oýatmagy, metabolizme başlamagy we sagdyn bolmagy üçin möhümdigi subut edilendir.
Täzelikleri okamak we görmek.
Oýananyňyzdan soňky üç sagat iň möhüm wagt hasaplanýar.Şol wagt aralygynda size öz işiňiz, täze teklipler, açyşlar hakynda pikirlenmäň ýerine dünýä täzelikleri bilen tanyşmak ýalňyşlyk bolar. Sebäbi ondaky her hilli ýol heläkçiligi, epidemiýa, bagtsyz hadysalar, adamlaryň ölümi sizi gamgyn ýagdaýa salmagy mümkin. Irden täzelikleri görmäň we okamaň şonda siz gün boýy şähdiaçyk ýagdaýda bolarsyňyz.
Meýilnamasyz iş.
Plansyz iş bolmaýar. Haçanda iş planyňyz düzülenden soň işe başlap bilersiňiz. Eger siz işiňizi belli bir meýilnama esasynda etmek islemeýän bolsaňyz hem güniň dowamynda etmeli iň möhüm işleriňizi planlamalysyňyz. Şonda siz özüňizden nämelere garaşýandygyňyzy anyk bilersiňiz.
Işiňizi barlamak.
Meýilnama düzmek diňe bir işde däl öý işlerinde hem bolmaly. Özüňizde etmeli, alyp gitmeli ýa-da alyp gelmeli zatlaryň ýazgysynyň bolmagy siziň gün tertibiňizi mümkin boldugyça aňsatlaşdyrar.
Internet.
Bu günki günde internet durmuşymyzyň manysyna öwrüldi. Ol özüniň özüneçekijiligi bilen köpleriň aňyndan ýer aldy. Siz hem internetdäki programmalara, suratlara, wideolara seredip öz wagtyňyzy geçirdiňiz we işe gijä galdyňyz.
Irdenki keýpiçökgünlik.
Irdenki ýaman endikleriň ýene biri hem keýpsizlikdir.Keýpiňiziň ýok bolmagy siziň şol günki etjek işleriňize uly zyýan ýetirip biler. Özüňize ynamly we şähdiaçyk boluň, gowy görýän zatlaryňyza üns beriň, ýakyn ynsanlaryňyz bilen aragatnaşyk saklaň!
Ýaramaz endikleri taşlaň we öz üstüňizde işläň. Her güni irden şähdiaçyk , keýpikök, şadyýan ýagdaýda boluň!
Aýnazarow Didar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU












