Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziňöňdengörüjilikli baştutanlygynda türkmen halkynyň dana akyldary, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, onuň edebi mirasyny öwrenmekde, tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda uly işler amal edilýär. Dana Pyragynyň ölmez-ýitmez döredijiligi ähli döwürler, nesillerüçin nusgalyk mekdepdir, ýörelgeli ýoldur. Beýik Pyragynyň çuňňur pähim-parasada ýugrulan şygyrlarynda ýokary çeperçiligi, paýhas dür dänelerini görmek bolýar. Magtymguly Pyragy – türkmeniň beýik şahyry, merdana halkymyzyň ruhy sütüni. Pyragynyň şygyrlarynda ene topragy, ata Watany söýmek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, millilik, milli ruh, milli duýgular, ynsanperwerlik, mertlik, watançylyk,adamkärçilik ýaly asylly häsiýetler, gymmatly pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasynyň, şahyrana döredijiliginiň, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlarynyň many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini has çuň açyp görkezmek, giň köpçülige ýaýmak maksady bilen akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Ajaýyp şygyrlary bilen türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyny binýat edip gelen beýik akyldaryň doglan gününiň taryhy senesiniň giňden dabaralanýan günlerinde Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusyny halkymyza peşgeş bermegi toý şatlygyny has hem goşalandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli watandaşlarymyzyň, ýaş nesilleriň kalbynda hemişelik orun alan dana akyldaryň döredijiligi ölmez-ýitmezdir. Magtymguly Pyragynyň arzuweden zamanasynda ýaşaýan bagtyýar halkymyz beýik şahyryň edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Şahyryň döredijiliginde il-günüň abadanlygy, asudalygy watansöýüjilik ruhunda ýaňlanyp, onuň her bir bölegi ynsanyň köňlünde baky ýaşaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmagagiň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.