Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünlikler bilen rowaçlanýar. Döwletli döwranyň, abadan hem erkana durmuşyň goýnunda her birimiziň şaýat bolýan taryhy wakalarymyz göwünleri joşdurýar, berkarar Watanymyza buýsanjymyzy has hemartdyrýar. Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar, ähmiýetli taslamalaryň ençemesiüstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina bolan, ak bagtyň, baky bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheri galkynyşly zamanamyzyň görküne görk goşýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berlip, akylly” şäher ulgamynyň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller, “akylly” awtoduralgalar, Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy, häzirki zaman sanly hyzmatlar, “akylly” ýaşaýyş jaýlary bellärliklidir. Bularyň ählisi döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge doly esas döredýär.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzy bütinleýösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir. Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri, geljegiň altyn şuglasy, baky bagtyň, buýsanjyň mukamy. Biz hem, şeýle bagtyýar döwürde ýurdumyzy ösüşden ösüşlere besleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Amansähedowa Aýjemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU



