Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalary, beýik ösüşleri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup, ol Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, diýarymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.Watanymyzyň, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk yglan edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini gazanmaklyk esasy üns merkezinde saklanylýar. Eziz ýurdumyzda mähriban halkymyzyň jan saglygyna, howpsuzýaşaýşyna gönükdirilen möhüm çäreler giň gerime eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilen birnäçe döwlet maksatnamalarynyň esasynda eziz diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýollaryň gurulmagybolsa ýaşaýjylaryň howpsuz ýaşamaklary üçin edilýän tagallarynyň diňe biri hasaplanylýar. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi biziň her birimizden edilýän derwaýys talapdyr. Şonuň bilen birlikde hem, ol ýurdumyzyň asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän bu möhüm çäre guramaçylykly ýagdaýda dowam edýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde ýörite duşuşyklar, maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Şeýle çärelere bilim-terbiýeçilik edaralaryndaky körpeler, mekdep okuwçylary, ýaşlar has hem işjeň gatnaşýarlar. Bu çäreleriň esasy maksady ýaş nesliň, raýatlarymyzyň ýollarda howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmeklerini gazanmakdan, il-günümiziň bagtyýar bolmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle il-gün ähmiýetli asylly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Dolyýewa Suraý
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby

RU












