Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, beýik başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda mähriban halkymyzyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän işler, döwletli tutumlar özüniň ajaýyp netijelerini berýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, obadyr şäherlerimizde amatly ulag geçelgeleriniň, ak ýollaryň gurulýandygy guwandyryjy ýagdaý. Şonuň bilen bir hatarda ýol hereketiniň hem barha artýandygy aýdyň hakykat. Munuň özi pyýada ýolagçylardan, sürüjilerden seresaplylygy, hüşgärligi talap edýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň özi biziň her birimiz bilen aýrylmaz baglanyşykly. Häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň düzgünleri, olary berjaý etmegiň zerurlygy baradaky wagyz-nesihat çäreleri, mowzuklaýyn duşuşyklar, okuw maslahatlary, gürrüňdeşlikler, düşündiriş işleri guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Garaşsyz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu babatda dürli ýerlerde guralýan çäreleriň möhüm orny bar. Çünki ýollarymyzyň asuda bolmagy munuň bilen doly derejede baglydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet derejesinde geçirilýän bu möhüm çärä agzybirlikde gatnaşmak biziň borjumyzdyr. Şeýle çäreler aýratyn hem ýaş nesliň arasynda has-daýygy-ýygydan ýaýbaňlandyrylýar, bu bolsa ýol hereketine gatnaşýan ýolagçylaryň, mekdep okuwçylarynyň seresaplylygynyň has hem ýokarlanmagyna, ýol hereketiniň düzgünleri babatdaky düşünjeleriniň artmagyna, ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärçilikli garamaklaryny gazanmagyna, köçede hem jemgyýetçilik ulaglarynda özüňi medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemäge oňaýly ýardam edýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeklik ýol hadysalarynyň öňüni almagyň, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmegiň, her bir öýüň, her bir maşgalanyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň kepili bolup hyzmat edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.