Bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimiz   innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.

Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Bularyň ählisi  ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

      Aýlar REJEPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby