Planetamyzdaky iň kiçijek jandarlarda-da adam ömri üçin howply zäher bolup biler. Bu makalada dünýäniň iň zäherli jandarlary hakynda gürrüň berilýär.
Merkezi Aziýa Kobrasy. Bu ýylan çakandansoň adam halsyz bolup başlaýar, dem almasy çaltlaşýar we tiz kömek berilmese ölüm bilen tamamlanýar. Merkezi Aziýa Kobrasynyň howply derejedäki zäheri 1 kg üçin 0,85 milligram.
Brazilýanyň esger möýi. 2010-njy ýyla çenli 0,045 mg/kg görkeziji bilen ,,gara ene” möýi iň zäherli möý hasaplanýardy. Emma soň Brazilýanyň esger möýiniň zäheri iki esse güýçlüdigi anyklandy. Bu zäher adam ganyna düşse bütin gan aýlanyş ulgamyny işden çykaryp 85% ýüregiň durmasyna sebäp bolýar.
Konus şekilli molýuska. Bir görende balykgulagy ýatladýan bu jandary zäherli diýip bolmaýar. Emma onuň zäherinden Ýuwaş ummanda ýylda 2-3 adam heläk bolýar. Zäheri0,012 mg/kg deň.
Çirikita gurbagasy. Dünýädäki iň zäherli gurbagalardan biri hasaplanýar. Zäheri 0,01 mg/kg deň.
Sary içýan. Içýanyň bu görnüşi çakanda 95% ölüm bilen tamamlanýar. Zäheriniň görkezijisi 0,009 mg/kg deňdir.
Fugu balygy. Zäher balygyň dokumalarynda bolýar we ol adam bedenine düşse nerw kanallaryny ýok edýär. Fugu balyklaryndan zäherlenmeleriň 80% i ölüme sezewar bolýar. Zäheri 0,008 mg/kg deň.
Begjanowa Gurbanjemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU



