Häzirki wagtda  dünýäde sportyň täzeden-täze has meşhur görnüşleri belli.   Geliň şeýle sport görnüşleriniň birnäçesine durup geçeliň:

Dünýäde iň meşhur sport görnüşi futboldyr. Milliardlarça adamy ekran başyna ýygnamagy başarýan futbol köpleriň söýýän sport görnüşidir. Ikinji ýerde kriket bolup, sanawda hokkeý hem-de tennis degişlilikde üçünji we dördünji orunda durýar.

Iň howply sport görnüşi söweş sungaty hasaplanýar. Olarda türgenleriň şikes ýetme derejesini azaltmak maksady bilen düzgünleriň bardygyna garamazdan, bu ýagdaý henizem ýokary bolmagynda galýar. Statistiki hasaplamalara görä, professional türgenleriň 65%-den gowragy şikes alýar. Şikes ýetme derejesi boýunça regbi ikinji ýerde, gandbol bolsa üçünji ýerde durýar.

Sportuň käbir görnüşleri tötänleýin ýüze çykypdyr. Mysal üçin, golf irki wagtda şotlandiýalylaryň tegelek daşjagazlary taýak bilen towşan hinlerine urgy arkaly salmaklary ýaly güýmenjesi netijesinde döredi.

Mongol milli göreşi söweş sungaty bilen baglanyşykly gyzykly görnüşleriň biridir. Munda türgenler agramy boýunça kategoriýalara düýbünden bölünmeýär. Şeýle-de ýeňiji bolanlar ýörite tansy hem ýerine ýetirmeli bolýarlar.

Belli bolşy ýaly awtoulag ýaryşy howply sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Olardan iň howplusy “Isle of Man TT” hasaplanýar. Sebäbi munda ýaryşlar enjamlaşdyrylan ýolda däl-de, petiklenen şäher köçelerinde geçirilýär. Bu ýaryşlaryň ýüze çykan döwründe köp sanly pidalar emele geldi.

Sabyrowa Mamajan,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.