Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns berilýär.
Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Bu gymmatlyklar bolsa mähriban halkymyzyň kalbynda soňlanmajak şygyr bolup ýaşaýar. Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp gelýärler.
Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar. Milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň “iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýen sözüniň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenen.
Çeper elli zenanlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň aňyrsyna gözýetmez ajaýyplyklarynyň, sahawatly türkmen topragynyň berekediniň, özboluşly keşbiniň beýanydyr. Inçelik bilen mähir siňdirilip ýerine ýetirilen milli nagyşlar bolsa zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär.
AKMYRADOWA Aýlar