Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ekologik abadançylyga we daşky gurşawy goramaklyga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyz daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň, ekologiýa meselelerini çözmegiň dürli ugurlaryna degişli BMG-niň halkara Konwensiýalarynyň we maksatnamalarynyň birnäçesine goşulyp, şol global resminamalaryň tarapdary boldy.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, jemgyýetimiziň ruhy, medeni galkynyşyna giň ýollar açyldy. Gahryman Arkadagymyz tebigaty, ilatyň saglygyny goramak, ýer, suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu babatda ekologiýa kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, täze, döwrebap gurulýan şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek, Garagumuň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy we ol işleri dowam etmek, onuň kenarynda döwrebap şäherçäni gurmak, miweli we saýaly agaçlaryň meýdanlaryny giňeltmek ýaly uly tutumly işler muňa şaýatlyk edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwrebap meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda agyz suwuny arassalaýan kärhanalaryň ençemesi işe girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak, tebigatymyzy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar.
Guwanç ANNAGULYÝEW,
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň talyby

RU












