“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” kalby hyjuwdan, gözleri guwançdan, bedenleri gujyr-gaýratdan doly türkmen ýaşlary okaýar, öwrenýär, döredýär. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, tagallalary, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde, ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly,hukuk medeniýetli, watançy ýaşlary, öz işine ezber hünärmenleri ýetişdirmekde bimöçber işler alynyp barylýar. Häzirki döwürde tebigy we takyk ylmy ugurlar bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Sebäbi dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, parahatçylykly syýasaty ýöredýän diýarymyzyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly daşary ýurt dillerini bilmek zerurlyk hasaplanýar diýsek ýalňyşmarys.

Ýyl-ýyldan sany artýan bilim edaralarynyň-çagalar baglarynyň, orta, ýörüte orta, ýokary okuw jaýlarynyň dünýä ülňelerine laýyk gelýän, ýokary hilli enjamlar bilen abzallaşdyrylmagy, okatmagyň döwrebap usullaryny giňden peýdalanylmagy ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşine oňaýly täsirini ýetirýär.

  2023-2024-nji okuw ýylynda  Köpetdagyň eteginde gurulan ajaýyp Arkadag şäherinde hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk mekdebi ýaly birnäçe bilim ojaklary bagtyýar ýaşlarymyza giňden gujagyny açdy.Bu okuw jaýlarynyň 1-nji sentýabrda, ýagny,Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp açylmagy, ilkinji sapaklaryň Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda geçilmegi ähli bilim işgärlerinde, aýratyn hem biz-ýaşlarda uly buýsanç duýgularyny döretdi.

Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, indi ülkämizde däbe öwrülen ak mekdebe ilkinji gadamyny basan ýaş körpe nesillerimize Hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi bagtyýar çagalaryň kalplarynda ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi.

Bilim ulgamynda edilýän bu ägirt işleriň ählisi ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, özüniň päk ahlagy, watançylyk ruhy we çuňňur bilimi bilen Watanmyzyň ýagty geljegini has-da nurlandyrmagy üçin edilýän atalyk aladalardyr.

Biz-ýaşlara okamaga, öwrenmäge, öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, il-ýurt ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Bägül Garagulowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti 

ugrunyň magistranty