Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmek, olary aýawly saklamak, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýen sözleri hem ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza mukaddeslik hökmünde garalýandygyny subut edýär.
Türkmen maşgalasynda kemala gelýän gyzlar keşde çekmek bilen irki ýaşdan meşgullanyp başlaýarlar. Olara ilki köjüme etmek, soňra bolsa keşde çekmek öwredilýär. Şonuň üçin türkmen gyzlary turuwbaşdan keşdelere ýürek mährini, yhlasyny hem-de zehinini siňdirmegi öwrenýärler. Ene-mamalarymyz türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelliklerini — gülleriniň, ot-çöpleriniň, janly-jandarlarynyň keşplerini keşdä geçirip, ajaýyp sungat eserlerini döretmegi başarypdyrlar.
Älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiz öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Milli keşdeçilik sungaty mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň söýgüsinden kemala gelen milli gymmatlyklarymyzyň biridir.
Nazar Agamyradow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň talyby