Ynsan döräli bäri, onuň ýaşaýyş-durmuş, geýinmek medeniýeti bilen birlikde gözellikden lezzet almak medeniýeti hem özboluşly ösüş ýoluny geçipdir. Daşdan, agaçdan, dürli jandarlaryň derilerinden ýasalan ilkinji saz gurallary ýüze çykyp ugrapdyr. Olar ilkibaşda özara habarlary berýän sesleri çykarmak üçin ulanylan bolsa, soňra olarda dürli sazlary çalmak medeniýete girip ugrapdyr.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň çäginde geçirilen gazuw- agtaryş işleri netijesinde tapylan fleýta şeýle gadymy saz gurallarynyň biri diýlip hasap edilýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, onuň ýaşy 35-40 müň ýyla barabardyr. Fleýtanyň galyňlygy 8 millimetrden artyk däldir, uzynlygy bolsa 21,8 santimetre deňdir. Barmaklaryň ujy bilen basyp çalmak üçin göz öňünde tutulan ötüjekler belli bir notalarda saz çalmagyň başlanan döwürleriniň şonuň ýaly taryhy çuňluga gidýändigini çaklamaga esas berýär.
Aýdym-saz ynsan güýjüniň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, dostlaşmagyň we doganlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar.
Aşgabat şäher medeniyet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň yokary derejeli hor mugallymy Nurymowa Selbi Çaryýewna