Halkymyzyň  bu günki ajaýyp döwründe özboluşly , täsin  sungat derejesine göterilen milli  atşynaslyk  däbi öz gözbaşyny  iň gadymy döwürlerden , has takygy  biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklarda   ýagny 4000 ýyldan gowrak wagt  öňden alyp gaýdýar.
Häzirki wagtda atlaryň  100-den gowrak  tohumlary bar.  Zonal klimatik alamatlaryna laýyklykda, tokaý, baýyr,dag atlary; niýetlenişine görä çapuw,  ýük atlary; gelip çykyşyna laýyklykda medeni ;  geçiş we aborigen atlar ýaly toparlary bar. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri çapuw atlarynyň tohumlarynyň arasynda iň owadanlarynyň, naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.

Halkymyzyň taryhynyň islendik sahypasyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.   Hormatly  Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň taryhy buýsanjy bolan gamyşgulak  bedewlerimiziň baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär.

Gahryman  Arkadagymyz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň ,, Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we şöhratymyz ” , ,, Ganatly bedewler ”  , ,, Gadamy batly bedew “ , ,, Atda wepa-da bar sapa-da “  atly ajaýyp  kitaplarynda milli atşynaslyk sungatynyň  ata-babalarymyzdan miras galan  iň gadymy  senetdigi barada beýan  edilýär. Gözellikde owadanlygyna taý tapylmaýan, çalasyn hem çakgan türkmen atlary milli Liderimiziň bedewler baradaky  kitaplarynyň baş mazmun özenini düzýär.

      Nurýagdy MYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby