Ýewropanyň döwletleri bilen oňyn köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýewropaly möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwürde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän doly möçberli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy esas hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.
28-29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Milli Liderimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň resmi we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. «Merkezi Aziýa — GFR» görnüşinde ýokary derejede geçirilen köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy hormatly Arkadagymyzyň saparynyň esasy wakasy boldy.
Saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, şol sanda german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, bütin dünýä belli nemes kompaniýalarynyň, iri bank-maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Umuman, Milli Liderimiziň Germaniýa amala aşyran şu gezekki iş sapary hem Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň däp bolan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy, taraplaryň hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge ikitaraplaýyn maksat edinýändikleri nobatdaky gezek tassyklanyldy. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun we itergi berer.

Begmämmet ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyñ Inžener-Tehniki we Ulag Kommunikasiýalary Institutynyñ
Ulaglar Fakultetiniñ
2-nji ýyl talyby