23-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmen döwletliliginiň nusgasy: millilik we halkara hukuk tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary,  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň ylmy işgärleri hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy bolan Mejlisiň işini iki palataly ulgama geçirmek barada aýdanlary, milli parlamentde iki palatalyk düzümiň döredilmeginiň aýratynlyklary, Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi hem-de milli demokratiýanyň dabaralanmagy ugrunda, hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň mejlislerinde aýdanlaryny nazara alyp, degişlilikde teklipleri we seljermeleri taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler, şonuň ýaly-da türkmen döwletiniň taryhyna ýüzlenmek bilen, taryhyň dürli döwürlerinde türkmen halkynyň döwlet dolandyryş aýratynlyklary dogrusynda ylmy-nazary häsiýetli söhbetler diňlenildi.

Ylmy-amaly maslahatda uniwersitetiň raýat hukugy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyrgeldi Jumaýew “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Halk Maslahaty: oňyn özgertmeleriň hukuk esaslary”, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Baýram Sähedow “Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty we Türkmenistanyň Konstitusiýasy”, uniwersitetiň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy Seýit Seýidow “Türkmen döwletlerinde döwlet gurmak tejribesiniň taryhyndan (atabeglik mysalynda)”, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Täze we Garaşsyzlyk döwürleriniň taryhy bölüminiň kiçi ylmy işgäri Jennet Ezimowa “Hormatly Prezidentimiziň Konstitusion özgertmeleri ösüşlere badalga” diýen temalary boýunça çykyş etdiler.