Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýaşaýan ýerimiziň daşky gurşawynyň abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilen kadalar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk ýörelgesidigini subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tutumly işler alnyp barylýar. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň arassalygyna gönükdirilen bu işleriň netijesinde, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň çar künjeginde bagy-bossanlyklar, saýaly we miweli agaçlar bilen gurşalan «tokaý zolaklary» peýda bolýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

Tebigaty goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn bellärliklidir we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýetlidir. Ekologiýa degişli «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bulardan başga-da, «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän möhüm resminama boldy. Şeýle hem ýuridiki we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtyndaky maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Yslam Tyllanurow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň dekany