Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky, öňküsi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan däplere eýerip, adalatly, ynsanperwer, asylly işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredijilikli içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletimizi mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň taryhyna täze sahypalar altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyz halkara hukugynyň kadalaryna eýerip, hem-de milli däp-dessurlara daýanmak bilen, dünýäniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan möhüm wezipeleriniň biri hem Aşgabady milli däpleriň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy ýörelgeleri esasynda ösdürmekden ybaratdyr. Giň gerimli taslamalar şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu taslamalar bolsa sebitiň hem-de dünýäniň iri işewürlik, ylmy, medeni, sport merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýär.
Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze eýýamynyň alamatlarydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir
Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Şeýle seneleriň biri-de 6-njy oktýabr — Hatyra günüdir. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de müňlerçe ildeşlerimiz tarapyndan faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine güýz gülleriniň çemenleri goýulýar.
Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.
Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýertitremede gurban bolan aşgabatlylaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär.
Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
Akjagül ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby