Her ýyl ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň milli senenamasynda möhüm orun aldy. Bütindünýä saglyk güni her ýyl 7-nji aprelde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 1948-nji ýylda döredilen gününde bellenilýär. Şol taryhy günden bäri geçen döwürde dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy boldy. Saglyk gününiň her ýyl bellenilmegi 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bütin dünýäde saglyk güni hakynda maglumat beriş-wagyz ediş çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle möhüm çäreler her ýyl aprel aýynyň bütin dowamynda işjeň ýagdaýda geçirilýär. Bu çäreler adamlaryň saglygyň durmuşda nähili uly ähmiýete eýedigine doly düşünip bilmekleri üçin guralýar.
Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ugurda öňe sürilýän başlangyçlar ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna hem-de halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar.

Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Baýramow Çarymuhammet,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa  fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünariniň 302-nji toparçasynyň talyby.