Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan döwletimiz ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, bagtyýar ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä derejesine çykarmak maksady bilen badalga berlen beýik işleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi örän guwandyryjydyr. Ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmegimiz baradaky aladalar bolsa bizi — ýaşlary has-da yhlasly okamaga, öwrenmäge borçly edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän işleriň esasy mazmunynda adam maýasyny kemala getirmek wezipesi durýar. Ylym-bilimden ýüki ýetik ýaş nesilleri kemala getirmek döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Şol sebäpli hem milli bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmek işleri ýurdumyzda meýilnama esasynda durmuşa geçirilýär.
Ajaýyp zamanamyzda dünýäniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan milli bilim ulgamy kemala geldi. Bu günki gün biz dünýä hil derejesinde okaýarys, öwrenýäris, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýäris, medeni-köpçülik çärelerine hem işjeň gatnaşýarys. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň badalga berýän tutumly işleriniň netijesinde uly özgerişleriň şaýady bolýarys. Dünýä ylmynyň gazananlaryndan, öňdebaryjy tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak bilen, bilimimizi artdyrýarys. Bu ösüş-özgerişler bolsa bizi diýseň buýsandyrýar. Ýaş nesiller üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalbymyzdan joşup çykýan alkyşlarymyz egsilmezdir.
ORAZNEPESOWA OGULMARAL

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy