Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn ösüp, keşbini tanalmaz derejede özgerdýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň sanynyň barha artmagy ata Watanymyzyň görkanalygyny has-da artdyrýar. Bizi — bagtyýar raýatlary begendirýän we guwandyrýan ýagdaýlaryň biri-de, nusgalyk keşbe eýe bolýan obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň daş-töwereginiň bagy-bossanlyga bürenmegi we giň ýaýlalarymyzda täze ýaşyl zolaklarynyň döredilmegidir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ysnyşykly we sazlaşykly ýaşamagyň inçe ýollaryny döredipdirler. Müňýyllyklaryň dowamynda daşky gurşawy arassa saklamakda, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we aýawly peýdalanmakda özleriniň ägirt goşantlaryny goşupdyrlar.türkmen halkynyň durmuşyna ornaşan şeýle gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe täze öwüşginlerde dabaralanýar. Täze taryhy döwrümiziň häzirki bagtyýar günlerinde döwlet Baştutanymyzyň eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine juda buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz her ýylky bag ekmek möwsümlerine badalga bermegi, bag ekmek boýunça ählihalk ýowarlaryna gatnaşyp, bu asylly işde ählimize nusgalyk görelde bolmagy ýüreklerimizdäki buýsanç duýgusyny goşalandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmekde uly işler alnyp barylýar.Şu ýyl paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.Milli Bahar baýramymyzyň öňisyrasynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy munuň aýdyň mysalydyr.Şahyrymyzyň belleýşi ýaly:

Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär
Dünýä kitabynda onuň ady bar.

Her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ýowara raýatlaryň köpçülikleýin gatnaşmagy özüniň oňyn täsirini ýetirýär.Biz hem Döwletmämmet Azady adyndaky Turkmen milli dunya dilleri institutynyn talyp ýaşlary we mugallymlary bolup bu ýowarlara işjeň gatnaşyp ýurdumyzda daşky gurşawy arassa saklamak ugrunda alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşýarys.
Bag — zeminiň zynaty, ol tebigata gözellik goşýar, howanyň arassa bolmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly tagallalaryny goldamak bilen, bu asylly işe işjeňlik bilen gatnaşmak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Ata Watanymyzy bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we gözelligiň mekanyna öwürmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edip mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýtýarys.

NURÝAGDY Haýtmyradow,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň Inžiner mehanika fakultetiniň talyby