Guradylan hurma ( finik ) işe ukybymyzy artdyrýar, şeýle-de goşmaça peýdaly maddalara baý bolany üçin sowuklama we kelleagyryny aýyrmak üçin ulanmak bolar. Düzüminde B5, E, P ýaly witaminler köp bolup, immuniteti ýokarlandyrýar hem-de gyşy işjeň we şadyýan geçirmäge kömek edýär.

Guradylan armyt- içegäniň işjeňligine oňyn täsir edýär, toksinleri we agyr metallary bedenden aýyrýar.

Guradylan injir- Rak öýjükleriniň ösmeginiň öňüni alýar, derini witaminler we mikroelementler bilen üpjün edýär.

Erik gabygy- aşgazan içege ýollarynyň işjeňligini gowulandyrmak üçin ajaýyp derman, iç gatamasyny aradan aýyrýar we iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Şeýle hem gipertoniýadan ýürek we bagyr kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin gymmatlydyr. Rewmatizimde hem peýdaly hasaplanýar. Düzüminde A witamini bolup ol gözüňiň görejini ýokarlandyrýar.

Söhbet MEKANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.