Garaşsyzlyk diňe bir türkmen halkynyň däl türkmen edebiýatynyň hem alnyndan altyn gün bolup dogdy. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň öz milliliklerimize taryhymyza taryhy şahslarymyza degişli eserleriň ençemesi döredildi.
Olardan Çary Aşyrowyň “Ata- babalarymyz” , Ýazmyrat Mämmediýewiň “Alp Arslanyň dünýä inmegi”, Osman Ödäýewiň “Altynjan hatyn”, Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, ” Döwlet guşy” ýaly romanlary mysal getirmek bolar.
Çary Aşyrowyň “Ata-babalarymyz” romanynda Ģökdepe galasyny goraýjy gerçekler hakynda gürrüň edilýär. Eserde taryhy şahslar hem awtoryň hyýaly fantaziýasy tarapyndan döredilen şahslar hem hereket edýär. Ýazyjy döwrüň taryhy wakalaryny Gökdepe söweşinde gahrymançylyk görkezen mertleriň gylyk-häsiýetlerini içgin öwrenip olaryň merdanalygyny gaýduwsyzlygyny watançylygyny eserde giňden beýan edýär.
Türkmen taryhynyň şöhratly sahypalarynyň biri bolan “Altynjan hatyn” romanynda Osman Ödäýew Togrul beg we onuň aýaly Altynjan hatynyň gahrymançylygy mertligi watansöýüjiliginden söhbet açyp olaryň durmuşy barada gyzykly hem taryhy maglumatlary beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem taryhy eserler döredilmegi dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň we kakasy Mälikguly aganyň ýaşan nusgalyk ömründen söz açýan “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynyň hem taryhy ähmiýeti diýseň uludyr. Bu romanlarda anyk taryhy şahslardan birnäçesiniň atlary agzalyp olaryň mugallymçylyk ylym-bilimi ösdürmäge goşan goşantlary şeýle hem uruş ýyllarynda görkezilen sabyr çydamlylyk hakyndaky taryhy wakalar beýan edilýär.
Geçmiş taryhymyzy taryhy şahslarymyzy tirsegne galdyran halkymyzyň hak hossary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn
Bilbil ÖWEZNYÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 214-nji toparynyñ talyby.