Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyna degişli bolan däneçilik pudagy has hem ösdürilýär.
Ýurdumyzda bugdaýyň ýeterlik öndürilmegi üçin Türkmenistanda bugdaýyň ekin meýdanlarynyň möçberi esasan täze ýerleri özleşdirmegiň we hasyllylygy artdyrmagyň hasabyna artdyryldy, däneçiligi ösdürmekde, esasan bugdaý öndürmekligi artdyrmaklyga uly üns berildi, däneçilik boýunça ylmy-barlag işler alnyp barlyp, bugdaýyň ýokary hasylly we oňat hilli sortlary önümçilige ornaşdyryldy, bugdaý öndürmeklige eýeçiligiň dürli görnüşleri gatnaşdy, öndüriji bilen döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy işlenip düzüldi we kämillerişdirildi, bugdaý öndürilşiniň artmagy bilen däne saklanýan, un, çörek we beýleki önümleri öndürýän ugurdaş kärhanalaryň giň toplumy guruldy.
Däneçilik pudagynyň şu aşakdaky artykmaçlyklary bar.
Ätiýaçlyk gor höküminde köp wagtlap bolýar.
Bugdaýyň guramaklyk derejesi 1 ýylyn dowamynda 3%-den ýokary bolmaýar.
2. Dänelik ekinleri bir ýerden başga bir ýere äkitmeklik amatly bolýar.
3. Dänelik ekinleri ekin dolanşygynda ulanyp bilýar.
Şeýlelikde dänelik ekinler Türkmenistanyň ähli ýerinde ekilýär.
Medet POLADOW,
Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby.