Her bir millet öz milli gymmatlyklaryny, ruhy ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmegi şu günki terbiýeläp ýetişdirýän nesline ynanýar. Ýaşlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny, täze talaplara taýýarlykly bolmaklaryny, täze tutumlara badalga bermegi başarmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmak beýik jemgyýetçilik wezipesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen duşuşygy hem şol beýik maksatdan ugur alýar.

Ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işleriň ýerine ýetirilendigi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz bu barada bellemek bilen, ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Ösen jemgyýete laýyk ýaşamaga ukyply, döwrüň ösüş depginlerine görä bilimleri ele alan, jemgyýetiň talaplaryna görä aýakdaş gadam urýan ýaşlary terbiýelemek milli bilim ulgamynyň möhüm wezipesidir. Alan bilimleriniň, başarnyklarynyň esasynda jemgyýetiň we özüniň şahsy bähbitlerini, milli gyzyklanmalary we umumadamzat gymmatlyklaryny utgaşdyryp bilmäge ukyply, döredijilikli, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynda ähli şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, alan bilimlerini tejribede peýdalanmaklaryna giň mümkinçilik döredilendir. Bu babatda ýaşlaryň hünärlerini kämilleşdirýändiklerini we ylym bilen meşgullanýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Bu bolsa geljekde ylmy taýdan giň dünýägaraýşy bolan hünärmenleriň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdygynyň aýdyň mysalydyr.

Narlyýew Döwletgeldi,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
3-nji ýyl talyby.