Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sanly bilim ulgamy şeýle hem sanly kompýuter tehnologiýalary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi oňyn ösüşlere atarýar. Her ýyl mekdebe gadam basýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem muňa ýadyň mysaldyr. Döwrüň talaby bolan akylly serişdelerden, kompýuterlerden ýaş nesliň peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmekligi gazanmak ýola goýulýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanylýar. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy hem berkidilýär. Bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri giňden açyp görkezmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhümdir. Milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion kompýuter tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak ugrunda netijeli işleriň ýola goýulmagy babatda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Orazbaýew Şatlyk,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hajalygynda ) taýýarlyk ugrunyň talyby.