Gülälek – bu ýiti gyzyl reňkli gül bolup, ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýabany we medeni görnüşde duş gelýär. Bu ösümlik dermanlyk we bezeg serişdesi hökmünde halk arasynda irki wagtlardan bäri peýdalanyp gelinýär. Gülälegiň ýabany görnüşi esasan açyk meýdanly ýerlerde, daglyklarda, düzlüklerde, çöl ýerlerde gabat gelýär. Aprel-maý aýlary ýurdumyzyň oba ýerlerinde we şäherleriň köçeleriniň gyralarynda gülälegiň medeni görnüşi ösdürilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri ” atly kitabynda hem bu ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, himiki düzümi, peýdalanylyşy, dermanlyk hökmünde ulanylyşy barada ylmy esasda maglumat berilýär.
Ýagny, bu ösümlik gülälekler maşgalasyna degişli bolup, ol çägesöw we toýunsow-çägeli topraklarda ösýär. Onuň uzynlygy 25sm-e deňdir. Gül ýapraklary 4 bölekden ybarat bolup, onuň esasy gara tegmillerden, baldagy dik ösen tüýlüje baldajyk görnüşinde bolýar. Bu ösümlik tohum arkaly köpelýär. Aprel aýy gowy gülläp, maý aýynyň aýaklarynda tohumlaýar we topraga tohumyny gaçyrýar. Bu gül ýaz paslynyň bezegi, tebigatyň iň bir ajaýyp gözellikleriniň biridir. Çünki, bu ösümlik adamyň şähdini açýan ynsan saglygyna peýdaly dermanlyk serişdesidir.
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň dekany

RU












