Ykdasyady we maliýe ulgamy bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde
özüniň täsirli gadamlary bilen häzirki zaman ösüşlerine öz tqsirini
ýetirse-de ykdysadyýetiň we ýokary hilliligiň taryhy yzarlamalarynda öz
barlygyny ýitirmedik käbir zatlardan gürrüň açmak ýetirli gyzyklydyr.
Şol sebäpli-de dünýä ykdysady bazarda öz ornuny tapan kagyz
medeniýeti häzirki günümizde onçakly bir durmuşy hajatlylygyny
saklamasa-da kagyzlaryň taryhyndna gürrüň açmak täsirli bolsa gerek.
Kä bir zatlar adamzat taryhyndan öň hem bar ýaly duýulýar, mysal
üçin çörek, ýa-da beýleki ynsan eli bilen döredilen zatlaryň içinde
galam, kofýe, ýene- ýeneler. Kraft kagyzlary hem Ýewropanyň iň
tanymal önümleridiniň biridir. Günümizde kraft kagyzlaryna ähli
taraplaýyn geçmek meseleleri öňe sürülýärkä, diýmek onuň wajyplygy
hakynda söz aýdyp oturasy iş ýok.
“Kraft”- diýmek güýç diýmegi aňladyp, kagyzyň asla hiç
ýyrtylmaýandygy bilen tapawutlanmasy tebigy ýagdaýdyr.Köplenç
ýagdaýda gaplama maksady bilen ýasalýar, ýagny öndürilýär.1852-nji
ýylda Amerikada öndürilendigini göz öňüne tutsaň, onuň dürli
görnüşleriniň bolmagy, agaç gabyklaryndan hem- de onuň içki
körüginden gaýnadylyp ýasalmagy gadymy döwürlerde Ýegiptde we
Ýewratda ýüze çykypdyr. 1856-njy ýylda Welikobritaniýada ol başgap
hökmünde ulanylypdyr.Aslynda kagyz önümçiligi hat ýazmak ýa- da
gaplamak üçin ulanylsa hem ilkinji nobatda ýazuw görnüşleri üçin
ulanylýandygyny hat-da iň irki taryhlardan hem bellemek gerek. Bir
zatlary habar görnüşinde başga bir ýere ýetirmek, bir zatlary ýazmak
aslynda kagyz önümçiligi ýüze çykansoň has- da elýeterli boldy. Aslynda
deri , has ilkiler daşlaryň ýüzüne ýazylan hatlaryň bu günki güne gelip
ýetmeginde edilen işleriň kämilleşmegi bolsa, has aýdyň ýüze çykdy. Her
bir taryhy çeşmä salgylanylanda elbetde onuň aňyrsynda şol haýsy
ugurdan bolsa bolsun ykdysady gelişmelere ýüz tutmaly bolýar. Hut şol
sebäpli-de ykdysadyýetiň belent sepgitlerine ýeten ekosistemanyň hakyky
howandary bolan bu günki gürrüňini etmäge, taryhyny öwrenmäge
zerurlyk duýýan zatlarymyzy biz hökman öwrenmelidiris. Munuň özi
biziň täsirli ýaşamagymyzda we ykdyadyýet bilen medeniýeti
birleşdirmegimizde uly işleri öňe sürer.

Eýsem adamzat taryhy bilen bile şu güne gelen kagyzlar dünýäsi
nämekä? Olaryň zerurlygy haçanda gerek bolanda ýüze
çykaýmasa,şeýle seredeniňde bir ýerde duran durnukly bir predmet ýaly.
Kä halatlarda olaryň üýşüp ýatmasy seni biynjalyk edip, sen olary
zyňasyň hem gelýär.
Patyşalaryň, hanlaryň, arassaçyl admalaryň hem-de zerurlyk bilen şerti
aýyl- saýyl edip bilýän adamalryň içinde käbirleriniň kraft kagyzyna
berýän ähmiýetleri nämeden ybarat diýen soraga jogap bermek
mümkinçiligini ulanyp bolar.Eýsem kraft kagyzlary nämekä? Olaryň
nämeligi hakynda aýtmak üçin kagyzyň ilkinji görnüşlerine ýüzlenmek
gerek. Eýsem kraft kagyzlarynyň görnüşleri,. Ilkinji gezek ony kim oýlap
tapdy? Bu soraglaryň ählisine jogap bermek üçin goňur reňkli , berk
kagyzlary göz öňüne getirmek mümkin. Bu kagyzlary agaçlaryň
gabygyndna gaýnadyp ýasaýarlar. Gofkartonlaryň ýüze çykmagy bolsa,
häzikri zaman usullary has ösen görnüşde ulanylsa hem, iki sany
kagyzyň içinde perpendikulýar görnüşinde durmagy bilen kagyzyň hem-
ä çeýeligini gazanmaga hem- de berkligini üpjün etmäge mümkinçilik
döredýär. Kraft kagyzlary bolsa, gaýnadylyp alnan suwuklykdan
ýasalany üçin berkligi bilen tapawutlanyp, şu günki güne çenli has
giňden ýaýrandyr.

Gülruh Eşanowa

Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe
gözegçiligi taýýarlyk ugrunyň talyby