Türkmenistan diýarymyzyň gün- günden güllemegi, ösmegi we mundan beýläk- de ösjekdigini aňladýan nyşanlaryň döredilmegi gadymy oguz iliniň abraýyny öňküden hem artdyrdy. Ýurdumyzda
Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzyň ösmegi üçin edilýän işleriň ýokarlanmagy bolsa, halkymyzy buýsandyrýar. Taryhy nazarlaryň çäginde dünýä siwilizasiýasyna goşulýan nokat
hökmünde biziň ýurudmyzyň çäginde ýerleşýän Gadymy Merw bu günki gün jahankeşdeleriň hem- de bilim adamlarynyň iň gelim- gidimli ýerine
öwrüldi. Jahankeşdeleriň görmegi arzuw edýän ýeri bolan gadymy Merw häzirki döwürde adamzat taryhyny öwrenmekde baý mazmunly ýer, medeni ojak hem- de şol ojagyň ýerleşýän ýeri dünýä kartasynda siwilizasiýanyň bir nokady hökmünde bellige alynmagy bolsa, bu günki gün topragymyza bolan buýsanjy artdyrýar.
Ylym adamlarynyň hem-de jahankeşdeleriň iň söýgüli emkany bolan Merw , ol ýerlerdäki gadymy galalar bolsa, dünýäniň iň uzakdaky jahankeşdelerini hem gyzyklandyrýar. Şeýle mümkinçilikler ýurdumyzda edilýän işleriň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýar. Topraga goýulýan
sarpa bolsa, müdimidir. ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, muzeýleriň iş tejribesini öwrenmek, özleşdirmek, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamak, oba medeniýet öýleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, teatr sungatynyň täze eserlerini döretmek boýunça geçiriljek maslahatlar, sergiler, täze filmleriň görkezilişleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Ýurdumyzyň şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek şygryýet agşamlary, çeper goşgy okaýyşlar bolsa türkmen edebiýatyny döwrebap
eserler bilen has-da baýlaşdyrar. Halkymyzyň milli mirasymyza sarpa goýmasy hem- de Garaşsyzlyk ýyllaryndan bu güne çenli hakydalarda täze eýýämi  Magtymgulynyň arzuw eden watanyny döretmek üçin edilen işleriň netijesi tükeniksizdir.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy- medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär.
Halkymyzyň milli gymmatlyklaryna sarpa goýup, ony ýaş nesillere öwretmek hem- de şol nesilleri ruhy dünýägaraýşy sgadyn edip terbiýelemek bu her bir adamyň watan öňündäki borjydyr. Baý edebi
mirasy ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.Ýurdumyzda
edilýän işleriň halk bähbitli bolmagy bolsa,biz ýaşalry buýsandyrýar.

Aýna REÝIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.