Gündelik durmuşymyzda nahar taýýarlap, fri hem-de çips görnüşlerinde iň bir köp iýýän önümlerimiziň biri bolan ýeralma, ol baradaky gyzykly maglumatlar we onuň önümçiligi hem özboluşly subutnamalara baýdyr.
Taryha nazar aýlasak, ýeralmanyň Watany Latyn Amerikasy hasaplanyp, ol ýeriň ilaty bu önümi ilkinji bolup 8000 ýyl mundan ozal iýmit hökmünde peýdalanyp başlapdyr. Ýeralma XVI asyryň ortalaryna Ýewropa yklymyna, soňra bolsa Gündogar ýurtlaryna giňden ýaýrapdyr. Käbir çeşmelerde ony “papas” (ýerde ösýän hoz) diýip hem atlandyrypdyrlar, Italiýada bolsa bu önüme “tartufolli”, soňra bolsa biraz ýönekeýleşdirip, “tartofel” diýip at beripdirler. Ýene bir çaklama görä, onuň kartofel diýen ýörgünli adynyň nemesleriň “güýç” diýen manyny berýän “kraft” sözünden gelip çykandygy mälim edilýär.
Ýeralmadan dünýä halklary dürli hilli datly tagamlary taýýarlamagyň baý tejribesini topladylar. Sebäbi islendik nahara goşulýan önümler bilen utgaşyp, sazlaşykly tagam berýän ýeralma işdä ýakyn datlylygy döredýär. Ondan esasan-da kartofel fri we çips ýaly tagamlary taýýarlaýarlar. Bu tagamlaryň täsin taryhy barada aýdylanda bolsa, ilkinji gezek kartofel friniň ABŞ-nyň prezidenti Tomas Jeffersonyň myhmanlara üýtgeşik nahary hödürlemegi tabşyryk bermegi boýunça ýüze çykandygyny bilmek bolýar. Çipsiň bolsa ilkinji gezek amerikan restoranlarynyň biriniň müşderisiniň gowrulan ýeralmanyň galyň kesilendiginden nägileligi üçin aşpeziň gahar edip olary has ýuka kesmegi esasynda ýüze çykmagy geň galdyryjydyr. Bu iýmitlerden başga-da, ýeralmanyň dünýädäki ähli taýýarlanylýan naharlaryň 2 müň töweregi görnüşine goşulýandygyny belläp geçmek bolar.
Aýna ATAJUMAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy.

RU












