Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýar. Şu nukdaýnazardan tebigat ýaşaýşyň gönezligi bolup durýar. Halkymyz ýere, suwa, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek arkaly, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň asylly ýörelgelerini kemala getiripdir.
Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzy uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagy-bossanlyklar, güller adam durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olar tozany sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, topragyň gurplanmagyny, hasyllylygyny üpjün edýär. Munuň özi bagy-bossanlygyň tebigat üçin hem, adam üçin hem uly peýdasynyň bardygyny aýdyň beýan edýär
Türkmenistanyň tebigaty goraýyş babatynda kabul eden uzak möhletli meýilnamalarynda we hereket edýän degişli kadalaşdyryjy namalarda wagyz işlerine uly üns berilýär. Mekdeplerde daşky gurşawy gorap saklamak bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen sapaklaryň (dersleriň) girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýöriteleşdirilen hünärleriň taýýarlanylmagy, çöl ösümliklerini we haýwanlaryny goramak işlerini alyp barýan institutyň hereket etmegi halkyň tebigaty goramak medeniýetiniň kämilleşmegine möhüm goşant goşýar.
Tebigat ýaşaýyşyň gönezligi
