Ümmülmez giňişligi gurşap alýan türkmenistan diýarymyz bu günler ösüşleri bilen ilerleýän dünýäniň dostana döwletlerine ykdysady, syýasy, medeni goluny uzadýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryndaky ösüşler bolsa, munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Türkmneistanyň nebit- gaz pudagy hem ýurdumyzda iň ýokary görkezijili , ilatyň hem dünýäniň hem şol bir wgatyň özünde sarp edijiligi beýik bolan ajaýyp ösüşlere salgylanýan ýokary hil derejeli ösüşleriň mekanydyr. Türkmenistan nijeme asyrlar bäri iň ýokary derejäni nebit we gaz ulgamynda, ýangyç hem-de beýleki çyg mallar ulgamynda ýokary bahalar gazanan ýurtdyr. Ýudumyzyň berekedi, ylahy nazar bilen berilen ruhy ahwalaty bu günki gün Garaşsyzlygyň miwesidir. Elbetde beýik döwletler gurulanda ilki bilen ykdysady zerurlyklar öňe tutulýar. Şol bir wgatyň özünde ýokary hilli pudaklaryň biri bolan nebit –gaz pudagy bolsa, ykdysady hem zerurlyk boýunça ynsanlyk öňdebaryjylygyny eýeleýän pudaklardan ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysady derejämiziň ýokary göterilmegi bilen halk bähbitli we ýurt ähmiýetli işleriň ýola goýulmagy halkymyzy begendirýär.. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýurdumyzy ýer ýüzüniň dostana döwletleri bilen aragatnaşyk saklamakda ykdysady ulgamda geçirilýän işleri nazar alyp, ösdürmek tagallasy bilen ýurdumyzda Nebit we Gaz pudagyna berilýän ünsler halk bähbitli işleriň hemişelik ýola goýulandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýokary hilli önümi bolan islendik döwletiň dünýä bazarynda ornunyň bardygyny halkyna açyp görkezmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan gözbaş alan bu halk bähbitli aladalar gelejekde ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini has- da gowulandyrmak we şol babatda edilýän işlere has içgin garamak ýaly netijeler bilen baglanşyklydyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyň datly miweleriniň naýbaşysyny öz goýnunda siňdirip, ýangyç meselesi çözülen döwletimizde, hat-da uzaklarda baryp bolmaýan nokatlarda hem elýeterli bolan ýangyç önümleriniň bardygy guwandyrýar. Häzirki wagtda dünýäniň ýüzi Türkmenistan bakýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly serdarymyzyň edýän işleri nebit we gaz pudagy ugrunda ösüşleriň mekany bolan Türkmenistanda giň gerime eýe. Munuň özi bolsa, dünýä bazary bilen bagly işleriň dostana gatnaşyklara birleşip, ykdysady üstünlikleri ýola goýmak derejesi diýmekdir. Halkara derejeli maslahatlarda bolsa biziň ýurdumyzyň abraýy barha artýar. Ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli sammitler we beýleki halk maslahatlary , halkara ylmy we ykdysady simfoziumlar bolsa, bu derejäniň ýokarydygynyň ýene bir subutnamasydyr. Türkmenistan häzirki döwürde arzuwlaryň ganat açýan mekanyna öwrüldi. Ýaş uly nesilden başlap, ýaş kiçä çenli ähli ynsanlaryň birlikde, agzybirlikde ak ýürekden zähmet çekmesi bolsa, bu günki gün halal zähmediň netijesini öňe çykarýar. Döwletimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, energetika strategiýasynda hem ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsyzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazary uly kepile eýedir. Döwletimiziň ösüşleri ýokary. Ýurdumyzyň bereketli topraklarynda ýaşap, halal gazanç edip, maşgalaňy awadan saklap, watana bolan söýgüňi bu günki gün halkyňa, ýurduňa hyzmat etmek bilen subut etmek bolsa, gör nähili ýakymly. Biz ýaşlar bu ajaýyp üstünliklere begenýäris, buýsanýarys. Türkmen energiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerini dünýä bazaryna satmak we şol babatynda işler geçirmek, dünýä bazarynda türkmen topragyndan gazylyp alnan baýlyklary dünýä bazarynda islegli haryda öwürmek meselesi bolsa, bu edilýän işlere esas bolup durýar.

Jennet Amanýazowa

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby