Biziň ýurdumyzyň topragy mineral dökünlere baý, ykdyady çözgütleriň mekanyna öwrülip, müňýyllyklardan gelýän söwda hem-de ykddysady ulgamyň çözgütlerinde ýer alan döwletleriň ýerleşýän topragy. Her gysym topragynda baýlyga eýe bu ýerlerde nebit
ýataklarynyň we gaz känleriniň tapylmagy bolsa, has dogrusy täze zamannyň gözel goýnunda ýaşaýan halkymyz şaýat boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary-da olarda gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap tehnologik desgalar-da bu günki ösüşlerde asyrlardan gelýän ünsüň ýer alandygyny görmek bolýar. Gysymlan bir gysym topragyndan dünýäniň baýlygy çykýan şeýle döwletiň zähmetsöýer raýaty bolup, ýa-da ýüregi, kalby halkyna bolan söýgüden doly ýaşlary bolup ýaşamak we zähmet çekmek bolsa, bu günki gün bizi buýsandyrýar. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalary taýýarlanyp, gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy.Munuň özi halkara çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Türkmen diýarymyz gün- günden ösýär, özgerýär hem-de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam-da edilýän işleriň mazmunyny tassyklaýar. Soňky ýyllar goňşy döwletlere iýberilýän nebitiň we gazyň has-da artmagy ýurdumyzda bu meseläniň dolylygyna çözülendiginiň alamatydyr. Çünki her ýerde bolsaň –da goňşuçylyk gatnaşyklarynda rehimdar bolmak we bir –birege kömek goluny uzatmak bu günki gün ykdysady meseläniň oňyn çözülmesinden gelip çykýar.Bu babatynda suwuklandyrylan gazyň birnäçe gezek, köp mukdarda Özbegistana, Owganystana, şeýle-de beýleki ykdysady giňişlikdäki döwletlere iýberilmesi bolsa, muňa aýdyň mysaldyr.Dogrusy türkmen tarapy bilen özbek tarapy bu işlerde ýokary netije gazanylmagyny öňräkden bäri saglaýar. Türkmenistan diýarymyzyň 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Özbegistana iýbermesi bu maksatlarda iň uly ädimleriň biridir. 1 müň tonnasyny Garagalpagystanyň, ýene-de 1 müň tonnasyny Horezm oblastynyň ýaşaýjylarynyň arasynda paýlamak meýilleşdirilen bu önüm nijeme adamalryň durmuşykdysady ýagdaýyny has gowulandyrmak maksatlary bilen ugradyldy. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem bu işde edilen işleriň naýbaşysy boldy. Türkmen topragynyň goýnunda ýaşap, asyrlar boýy taryhymyzy hem-de geografiýamyzy öwrenen alymlaryň bu topraga bolan gyzyklanmasy asyrlaryň hiç bir wagtynda-da gyzyklanmasyny ýitirmändir. Çünki dagy-deňzi, gaýasy, düzi altyn- kumuş, merjen, dür önýän bu topraklarda gadymy taryh näme üçin gaýtalanýan sahypalary bilen ýadygä rgalypdyr? Çünki söwda ýollary, deňiz, kerwen ýollary her zamanda türkmen topragyna bolan ünsüni saklapdyr. Elbetde ýeneki ösüşler öňde. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda edilýän işleriň gün geldikçe artmagy we halkara abraýa eýe bolmagy bolsa, topragmyzyň gymmatyny artdyrýar.Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Nebit we gaz ulgamy-da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, Diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem-de işimize söýgümizi artdyrýar. Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem- de Hormatly Prezidentimiziň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär.Biz ýaşlar bolsa, bu ajaýyp ädimleriň gönden – göni şaýady bolup, bu ugurda bilim almakda öňdebaryjy netijeleri gazanmaga çalyşýarys.
Jennet Allakulyýewa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

RU












