Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyra belent sarpanyň nusgasy boldy. Munuň özi akyldar şahyryň döredijiligine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň kalbyndan joşup çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ähli türkmen halkynyň kalbyny joşa getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusynyň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata Watana, ene topraga bolan söýginiň beýany bolup ýaňlanýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda dürli medeni we edebi çäreleri geçirmek, dürli ýurtlardan akyldaryň eserlerine, türkmen halkynyň milli mirasyna degişli golýazmalary toplamak, şahyryň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserlerini neşire taýýarlamak hem-de çap etmek bilen bagly işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmeniň beýik ogluna goýulýan sarpanyň beýany bolup durýar.
XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatyna ser salsaň, ilki bilen, Magtymgulynyň eserlerinde duş gelýän salgylanmalaryň beýleki şahyrlaryňka meňzemeýändigi we edebiýatda öz täsirliligini ýitiren salgylanmalardan düýpgöter tapawutlanýandygy mese-mälim görmek bolýar. Ikinjiden, olaryň tematik baýlygy şahyryň bilim derejesiniň ýokary we dünýä garaýşynyň çuň bolandygyny görkezýär. Üçünjiden, şeýle salgylanmalary derňemek we olaryň düýp mazmunyny açyp görkezmek Magtymgulynyň döredijilik köklerini yzarlamak üçin örän wajyp bolupdurýar.
Türkmeniň beýik akyldary, şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy ähli milletleriň, ähli döwürleriň umumy adamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Babaýewa Ogulsona