Türkmen alabaýlary iň wepaly hem- de iň duýgur, hüşgär hem- de eýesine wepaly jandar hökmünde häzirki döwürde dünýäniň çar künjünde tanalýar. Alabaý itleriniň atlary we olaryň gelip çykyş taryhyny öwrenmek üçin alymlar birnäçe ýyllaryny sarp edip, taryhda alabaý itleriň aslynyň türkmen topragynda ýaşandygyny subut etdiler. Alabaý – alabaý ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopanköpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär.
Elbetde, türkmen halky geçmişde hem-de şu günki günde bedewlerimize uly sarpa goýşy ýaly, özüniň alabaý itlerini hem ösdürip ýetişdirmeklige uly ähmiýet beripdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegine we türkmen alabaýlarynyň geçmiş taryhyna degişli maglumatlaryň toplanmagyna uly ähmiýet berilýär. Şeýle işleriň geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň taryhyny, olaryň döreden milliliklerini öwrenmekde şeýle-de olary gaýtadan janlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”, “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi.
Şeýle-de alabaý itleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň netijesi boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medal gowşurylýar.
Sarjaýewa Ogulşirin
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU












