Halkymyzyň döreden we sünnäläp biziň günlerimize ýetiren gadymy we naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, ol nepis sungatdyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Halyçylyk sungaty – inçe, nepis sungat bolmak bilen ol ene-mamalarymyzyň haly dokamakdaky baý tejribesini özünde jemleýär. Türkmen halysy halkymyzyň çeperçilik ukybynyň kämil önümidir.

Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanýar. Marko Polo Türkmen halylary hakynda şeýle sözleri aýdýar: “Dünýäde iň inçe we owadan” halylar Türkmen halylarydygyny belläp geçýär. Türkmen halkynyň haly dokamagy sungat derejesine çykaryp, dünýäde ykrar edilmegini gazanandygy Türkmen zenanlarynyň güllerden görkli Türkmen halylaryny özleriniň mähiri, söýgüsi, arzuw,yhlaslaryny siňdirip dokandygyny subut edýär.

Haly sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary gurulýar. Olarda halyçylaryň netijeli zähmeti we amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Güýçgeldiýew Ilaman,

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,

Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby