Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biridir. Şonuň üçin bu babatda düşündiriş, wagyz-ündew, barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Türkmenistan döwletimiz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. 2011-nji ýylyň martynda milli parlamentimiz tarapyndan “Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça” çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy. Bu ulgamda ýurdumyzyň esasy gazananlarynyň hatarynda 2013-nji ýylda kabul eden “ Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijesinden goramak hakynda” Kanuny oňyn netijeler berýär.
Şeýle hem 2022-nji ýylda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen 2022-2025- nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Şonuň bilen baglylykda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ösüp gelýän ýaş nesiller bilen zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany hakynda wagz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Ýaramaz endikleriň öňüni almak häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm durmuş meseleleriniň biridir.

Salyh BABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.