Lotos- hindileriň milli güli. Oňa Hytaýda, Ýaponiýada, Müsürde, Şrilankada we hindilerde suwuň mukaddes güli diýilýär. Lotos suwda awgust we iýul aýynyň ortalarynda gülläp ösüp başlaýar. Ol güli suwuň ýüzüni, bag-bakjalary şeýle-de howuzlary bezemek üçin ulanylýar. Hindi lukmanlary lotosdan, ýüzüň ýygyrdy üçin örän täsirli ýag alyp bolýandygyny aýdýarlar.
Ösümlik dünýäsinde täsin gülli ösümlikleriň biri-de anguloýadyr.Bu ösümligiň ylmy ady bolup halk arasynda köplenç Weneranyň sallançagy diýýärler. Anguloýa (latynça Anguloa)– Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, Günorta Amerikanyň Wenesuella, Kolumbiýa, Ekwador we Peru sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Tebigatda anguloýanyň 9 sany görnüşiniň hem-de 5 sany gibridiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alyndy. Bu ösümlige “anguloýa” diýlen ylmy ady 1794-nji ýylda ispan botanikleri I.Ruis Lopes we H.Pawon peruda ýaşap geçen syýahatçy Fransisko de Angulonyň hormatyna dakýarlar .Weneranyň sallançagy atly täsin ösümlik özüniň açyk reňki we daşky görnüşi boýunça has owadan bolup ösýän ýerlerine bezeg berýär. Çygly ýerlerde bu ösümlik bezeg hökmünde hem ösdürmäge amatly bolýar.
Hasanowa Bibihajar,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň talyby.