Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň –Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gurluşyk meýdançalaryň geriminiň giňemegi halkymyzyň dünýä standartyna gabat gelýän uly mümkinçiliklerden  peýdalanýandygyny alamatlandyrýar. Beýik gurluşyklaryň beýik gurujysy Gahryman Arkadagymyz bolsa, ýurdumyzda , hat-da Orta Aziýada şeýle beýik gurluşyklary gurmaga ýol açmagy hem-de dünýäniň çar künjünden geljek gurluşykçylary ýola salmakda, gelejegiň beýik şäheri bolan Aşgabat sitiniň gurluşygynda olaryň işewürlik görkezmegini gazanmakda iň esasy öňdebaryjydyr. Munuň özi onuň halkyny çyn ýürekden söýmegi bilen düşündirip bolar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlan ýaşaýyş jaýlaryny görmäge göz gerek, onuň halky üçin eden işleri sanardan kändir.Gurluşyk meýdançasy köptaraply meýdança. Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň admalar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlarynyň
çäklerinde ,Arkadag şäheriniň sansyz giňişliginde bu günki gün iň ýokary tehnologiýalaryň mekany bolan ýurdumyzda ösüşler sanlaşdyrylma arkaly «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa-da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Dogrusy eýesiniň güýji bilen dolandyrylýan hadysalary
awtoulaglar ýa- da hiç hili eýesiz ulaglar bu günki gün dünýä tehnologiýasynda geň hadysa däldir. Emma eýesi ýok wagty öýüň gowy saklanmagy we öz aklyny ulanmagy bolsa, gerekli zatdygyny subut etdi. Öý eýesi ýok wagty, jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Beýik lideriň ýolbaşçylygynda dünýä standartlaryna gabat gelýän , häzirki döwrüň modern şäheriniň taslamasy, onuň sungata öwrülen arhitekturasy bu gün onuň ýiti zehiniden ylham
alynmasydyr.Dogrusy şäher we oba gurluşyk işleri biziň ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýar we halk bähbitli işleriň sanawynda gurluşyk desgalary hem-de şäher gurluşygy giňden ýaýbaňlanýar. Hut ýaňy-ýakynda açylan Arkadag şäheri bolsa, munuň janly şaýadydyr. Häzirki döwürde dünýäniň ýüzünde “akylly öýleriň” köpelmegi we olaryň
täsinden, täsinleriniň ýüze çykmagy, şol bir wagtyň özünde eýesini tanamak, onuň sesi bieln öýüň dolandyrylmagyny gazanmak ýaly gyzykly hadysalar , baryp sensorlar zamanasynyň altyn çagynda amala aşyryldy. Dogrusy Adam ýok wagty öýde hereket duýulsa, intellektual ulgama ornaşdyrylan habar beriş enjamlary wideoşekil görnüşinde öý
eýesine habar ugradýar. «Akylly öý» ulgamy «akylly» programmalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Olar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, merkezi nokatdan girip bolýar. Noutbuklar, planşetdir smartfonlar ýa-da beýleki «akylly» enjamlar merkezi nokat bolup hyzmat edýär. “akylly öýler” hakyky akyllylygy bilen eýesini tanaýanlygy bilen täsindir. Arkadag şäherimiziň gözelligini bolsa, görmäge göz gerek. Çünki bu ajaýyp zamanamyzda ynsanlaryň bagtyýar durmuşyny iň ýokary derejede ýerleşdirmek üçin bu şäher bina edildi.“Akylly şäheriň” «Akylly öý» ulgamy häzirki zamanyň iň amatly ofis we öý dolandyryş
usuly hökmünde barha giň gerime eýe bolýar.Diňe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda şeýle belentliklere ýetmek, gelejege bolan beýik ynam şäher gurluşygy bilen bir hatarda ýene nijeme gözel sitileri hem-de akylly şäherleri beýik lideriň arhitektura söýgüsinden sungata öwrülmesi, diňe onuň galamyndna çykan senaly sözlerden başlap, beýik
gurluşyklary hem dünýä äşgär eder. Adamzat dünýäsinde täzelikleriň her bir zamanda bolany taryhda bar. Emma häzirki döwür ýaly, tehnologik ösüşleriň zamany bolmagy
bolsa, bu günkigün täze ymtylyşlara barýan adamzat taryhynda iň ösüşler zamany bolup ýadygärlik galar.Arkadag şäheriniň iň ýokary tehnologiýalar bilen birleşdirlen şäher bolmagynda ýurdumyzyň ösüşlerini jemleýän şäherde raýatlarymyz bagtyýar durmuşda
ýaşaýarlar. Bu bolsa bagtyýarlygyň röwşen geljegini nazarlaýan ýene bir beýik ädimdir.”Akylly şäherleriň” beýik gurujysy Milli Liderimiz –sungatyň arhitektura ugry boýunça nusgalyk işleriň ýola düşmeginde ilkinji bolan gahryman Arkadagymnyzyň hem-de atalyk parzyny ýerine ýetirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Sähragül Durdyýewa

Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň
Programma injenerligi hünäriniň 4-nji ýyl talyby